Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar
SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýarTürkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, “Hazar deňziniň üsti bilen geçýän Merkezi geçelge indi bir alternatiw däl, eýsem dünýäniň söwdasy üçin ygtybarly we esasl geçelge boldy” diýdi.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Türkmenistana guran iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Ataguliýew bilen duşuşdy.

Jedet Ýylmaz bilen Nökerguly Ataguliýew paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda bolan duşuşykdan soň wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşik geçirdi.

Geçirlen gepleşiklerden soň Ýylmaz bilen Ataguliýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýe-Türkmenistan Hökümetara ykdysady komissiýanyň 9-nji döwür mejlisi geçirildi.

Mejlisiň öz işini tamamlamagyndan soň taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin Türkiýe-Türkmenistan Hökümetara ykdysady komissiýanyň 9-nji döwür teswirnamasyna hem-de onuň çäklerinde taýarlanan 71 maddalyk iş meýilnamasyna çekişdi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, geçen ýyl Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara söwda mukdarynyň 2,2 milliard dollara barabar bolandygyny nygtady.

Jewdet Ýylmaz iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny gysga wagtda 5 milliard dollara ýetirmegi maskat edinýändiklerini belledi.