DÜNÝÄ
1 minut okamak
Netanýahu: “Liwan bilen atyşygy bes etmek ýok”
Ysraýylyň ganhor Premýer-ministri Netanýahu “Häzirki wagtda Liwan bilen atyşygy etmek ýok” diýdi.
Netanýahu: “Liwan bilen atyşygy bes etmek ýok”
Netanýahu: “Liwan bilen atyşygy bes etmek ýok”

Ysraýylyň KAN teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, ganhor Netanýahu howpsuzlyk komitetiniň maslahatynda çykyş etdi.

Liwan bilen atyşygyň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň heniz tamamlanmandygyny öňe süren Netanýahu “Ysraýyl taýdan häzir Liwan bilen atyşygy bes etmek ýok” diýdi.

Hizbullahyň ylalaşyk teklibine garşylyk görkezendigini aýdan Netanýahu “Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda heniz atyşygyň bes edilmegi boýunça doly ylalaşyk gazanylmady” diýdi.

Ysraýyl Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

Ysraýylyň harby goşuny Liwana garşy 2-nji marta howa hüjümlerine başlady we ýurduň günortasynda birnäçe sebiti basyp aldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 24-nji aprelde beren beýannamasynda Liwan bilen Ysraýylyň arasynda 17-nji aprelde gazanylan 10 günlük wagtlaýyn lalaşygyň möhlediniň 3 hepde uzadylandygyny mälim edipdi.

ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde Liwan bilen Ysraýylyň arasynda maý aýynyň 14-15-i aralygynda geçirlen gepleşikleriň 3-nji tapgyrynda 17-nji maýdan başlap atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň möhlediniň 45 gün uzadylmagy boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýylyň 2-nji martdan bäri guraýan hüjümlerinde 3 müň 558 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.