Kanýe Uestiň Stambuldaky ilkinji konserdine 118 müň adam gatnaşdy
MEDENIÝET
1 minut okamak
Kanýe Uestiň Stambuldaky ilkinji konserdine 118 müň adam gatnaşdyGremmy baýragynyň eýesi bolan repçini görmek üçin gelen aýdym-sazyň muşdaklary stadiony doldurdy.
Kanýe Uestiň Stambuldaky ilkinji konserdine 118 müň adam gatnaşdy / AA

Dünýä belli repçi Kanýe Uest şenbe güni Stambulda ilkinji gezek sahna çykdy.

Üstümizdäki ýylyň iň aýdym aýdym-saz çälerinden biri Atatürk olimpiada stadionynda geçirildi.

Meşhur repçi Kanýe Uestiň konserdine 118 müň adam gatnaşdy.

NTRteamyň hyzmatdaşlygyndaky konserde Türkiýe bilen birlikde Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Italiýadan, Russiýadan, Polşadan we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan müňlerçe adam gatnaşdy.

Gremmi baýragynyň eýesi konserdine “Father” aýdymy bilen başlady.

Uest iki sagat dowam eden konserdini “Stronger” atly aýdymy bilen tamamlady.

Konsert Uestiň resmi ÝouTube kanaly arkaly göni efire berildi we konserde millionlarça adam tomaşa etdi.