Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 9-njy maýda Ukrainadaky urşuň tamamlanmagy baradaky beýanatynyň Russiýanyň söweş meýdanyndaky öňegidişliginiň seljermesine esaslanýandygyny aýtdy.
Putin urşuň haçan gutarjakdygy barada anyk möhlet bermekden ýüz öwürse-de, anna güni beren beýanatynda Günbataryň Russiýanyň Ýewropa bilen urşa taýýarlanýandygy baradaky aýdylýanlaryň ýalandygyny aýtdy.
Putin şeýle hem Günbatar metbugatynyň Russiýanyň gözegçiligindäki Lugansk şäherindäki talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyna ukrain uçarmansyz howa ulagy tarapyndan guralan we 21 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjüm baradaky habarlaryndan utanmalydygyny aýtdy.
Beýleki tarapdan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Russiýanyň Ukraina garşy täze we giň gerimli hüjüme taýýarlanýandygyny habar berdi.
Düýn gije paýlaşylan wideoýazgyda Zelenskiý: "Russiýanyň täze we giň möçberli hüjüme taýýarlanýandygyny görkezýän aňtaw maglumatlarymyz bar. Biziň bölümlerimiz çalt jogap berýärler we olara taýýar. Harby-howa güýçleri we asmanyň beýleki goragçylary adatdakysy ýaly 24/7 işlemegini dowam etdirerler" diýip habar berdi.
Russiýa duşenbe güni Kiýewdäki nyşanalara "yzgyderli hüjümleri" başlatmak niyetini beýan etdi we daşary ýurtlylara we diplomatlara ýurtdan çykmak barada duýduryş beripdi.















