TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe Afrika goldaw bermäge dowam eder
Daşary işler ministrligi Afrika Bileleşiginiň döredilen gününiň 63 ýyllygy bilen gutlady
Türkiýe Afrika goldaw bermäge dowam eder
Türkiýe Afrika goldaw bermäge dowam eder

Daşary işler ministrligi 25-nji maý Afrika güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Afrikanyň parahatçylygynyň, azatlygynyň, jebisliginiň we bitewiliginiň simwoly bolan bu şanly günüň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigi nygtaldy.

Beýannamada Afrika Bileleşiginiň strategiýa taýdan esasy hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň, özara bähbide we ynama laýyklykda Afrikada adalatyň we parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw bermäge dowam etjekdigi nygtaldy.

Beýannamada şu ýyl dördünjisi geçiriljek Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlyk sammiti üçin görülýän taýarlyklaryň güýçli depginde dowam edýändigi bellenildi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Türkiýe bilen Afrika sebitara we halkara parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin birlikde işleşmäge dowam eder” diýildi.