Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, sişenbe güni Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran hüjümlerinde 6 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.
Hüjümler Ysraýylyň atyşygyň bes edilmegi baradaky ylalalşygy bozmaga dowam edýändigini görkezýär.
“NNA” habarlar gullugyna görä, Ysraýylyň Nabatiýe etrabynyň al-Manfara etrapçasynda bir öýe guran howa hüjüminde 4 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy. Hüjüm sebäpli öý dolulygyna ýykyldy.
Habarlar gullugyna görä, Harouf etrabynda häkimligiň golaýynda duran ulasg nyşana alyndy. Dron hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, etrap mejlisiniň agzasy bolan 1 adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň Bint Žbeil etrabynyň Froun etrapçasyna guran dron hüjüminde hem 1 adam ýogaldy.
Ysraýyla degişli harby uçarlar ertiriň irki sagatlarynda Tyreniň golaýynda Al Wahda uniwersitetiniň ýerleşýän zolagyna iki raketa atdy.
Ysraýylyň 17-nji aprelde ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan we iýul aýynyň başyna çenli uzadylan ylalaşyga garamazdan guraýan hüjümleri ünsleri özüne çekýär.
Liwanly resmilere görä, Ysraýylyň 2-nji martdan bäri Liwana garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 3 müň 20 adam ýogaldy, 9 müň 273 adam hem ýaralandy.
Hüjümler sebäpli 1,6 million adam hem ýaşaýan ýerini terk etdi.










