SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň sosial mediada Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirmegine uly garşylyk görkezildi.
Tramp Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirdi
Tramp Wenesuelany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde häsiýetlendirdi / Reuters

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Trut Sosial platformasy arkaly beren habarnamasynda, Wenesuelany ABŞ-nyň baýdagy bilen 51-nji ştaty hökmünde görkezdi.

Tramp Hytaýa gurajak resmi saparynyň öňüsyrasynda duşenbe güni “Foks Nýus” teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Günorta Amerikada ýerleşýan ýurdy täze ştat hökmünde yglan etmek isleýändigini aýdypdy.

Wenesuelanyň wagtlaýyn Prezidenti Delsi Rodriges bu pikiri ret etdi we ýurdunyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň harby güýçleriniň Nikolas Madurony ele geçirmeginden soň hem asla 51-nji ştat bolmak barada pikirlenmändiklerini aýtdy.

Rodriges Gagadaky Halkara Adalat diwanynda metbugata beren beýannamasynda “Garaşsyzlyk etabymyzy we garaşsyzlyk göreşiniň gahrymanlaryny söýýäris. Jebisligimize, bitewiligmize, özygtyýarlygymyza we garaşsyzlygymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Rodriges wezipesine girişen gününden bäri Waşington bilen edýän gatnaşyklaryny dowam etdirýär we daşary ýurtly firmalaryň ýurdunyň magdan we nebit pudaklaryna maýa goýmagynda uly rol oýnady.

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro bu göçümi berk ýazgardy.

Prezident Donald Tramp 2-nji ýanwarda Maduronyň tussag edilmeginden soň ABŞ-nyň gara altyna baý Wenesuela gözegçilik edýändigini mälim edipdi.