Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus esgerleriniň tutuş NATO ýaranlygy tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan "agressiw güýç" bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.
Putin şenbe güni Gyzyl meýdançada Ikinji Jahan urşunda SSSR-iň ýeňşiniň 81-nji ýylyny belläp geçmek maksady bilen geçirilen Ýeňiş güni ýörişinde çykyş edip: "Ýeňiş gazanan nesil şu günler ýörite harby operasiýalary geçirýän esgerlere ylham berýär" diýdi.
Putin rus alymlarynyň we inženerleriniň "häzirki zaman söweşleriniň tejribesine daýanyp", ösen ýaraglary işläp düzüp, olaryň köpçülikleýin önümçiligini giňeldendigini aýtdy.
Harby ýörişe Russiýanyň "ýörite harby operasiýasyna" gatnaşan şahsy düzümler, ýokary harby okuw jaýlarynyň talyplary, Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň dürli ugurlarynyň agzalary, şeýle hem Demirgazyk Koreýanyň goşunynyň esgerleri gatnaşdylar.
Ýatlama çäreleriniň öňüsyrasynda Russiýanyň Goranmak ministrligi duşenbe güni 8-9-njy maýda geçiriljek Ýeňiş baýramy dabaralary üçin iki günlük ot açmagy bes etmegi teklip edipdi we dabaralar bozulan halatynda Ukrainanyň, "giň gerimli" raketa hüjümine duçar boljakdygy barada duýduryş beripdi.
Şol günüň ahyrynda Ukraina ýary gijeden başlap birtaraplaýyn ot açmagy bes etmek kararyny durmuşa geçirjekdigini yglan edipdi.
Şeýle-de bolsa, soňra iki tarap hem biri-birini aýratynlykda yglan eden ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň düzgünlerini bozmakda aýyplady.












