SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Watikanda we Rimde saparda bolar
Italiýanyň Premýer-ministri Meloni, Trampyň Papa hakyndaky tankydy belliklerine garşylyk görkezdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Watikanda we Rimde saparda bolar
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Watikanda we Rimde saparda bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň şu hepde Rimde we Watikanda saparda boljakdygy habar berildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Papa Leonyň arasyndaky dartgynlykdan birnäçe hepde soň guraljak sapar ünsleri özüne çekýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň  Watikanyň Döwlet sekretary Petro Parolin we Italiýanyň Daşary işler ministri Antoniu Tažany bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Italiýanyň köpçülikleriniň habar beriş serişdeleri Rubionyň penşenbe-anna güni gurajak saparynyň çäginde Goranmak ministri Guido Krosetto bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.

Duşuşyklar ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Katolik lideriň söweşe garşy bolan çykyşlaryny tankyt etmeginden birnäçe hepde soň geçirler.

Tramp mundan başgada papa goldaw beren Ýewropadaky iň ýakyn ýaranlaryndan biri bolan Italiýanyň Premýer-ministri Melonini “gorkak” hökmünde häsiýetlendiripdi.

Italiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýekşenbe güni Rubionyň saparynyň dartgynlaşan özara gatnaşyklary ýumşatmagy maksat edinýändigine ünsi çekdi.

Papa Fransiskiň aradan çykmagyndan soň 2025-nji ýylyn 8-nji maýynda dünýäde 1,4 milliard katoligiň lideri hökmünde saýlanan Papa Leo, Trampyň adminstrasiýasynyň alyp barýan bosgunlar syýasatyny berk tankyt edýär.

Papan esasan ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümlerinden soňky çykyşy sebäpli Trampyň gahar-gazabyna sebäp boldy.

Papa Leo 7-nji aprelde Trampyň Eýrany ýok etmek baradaky hemlesini “kabul edilmesiz” hökmünde häsiýetlendirdi we amerikalylara, ABŞ-nyň kanun çykaryş organlaryndan parahatçylyk üçin işlemegini talap etmekleri barada çagyryş etdi.