Eýranly halk deputaty ýarym resmi Tasnim habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Eýranyň birnäçe ýyl dowam etjek uruş üçin ýeterlik raketasynyň we dronynyň bardygyny nygtady.
Eýranyň Mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Alaeddin Borujerdi çarşenbe güni beren beýannamasynda Tähranyň heniz doly mümkinçiligini görkezmändigini belledi.
Borujerdi ýarym resmi habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Täze mümkinçiliklerimizi heniz görkezmedik” diýdi.
ABŞ-nyň deňiz gabawyny “täsirsiz” hökmünde häsiýetlendiren Borujerdi, Ormuz bogazynyň golaýynda 120 gäminiň bogazdan geçmek üçin garaşýandygyny öňe sürdi.
Sebitara wakalar hakynda hem durup geçen Borujerdi, Gyzyl deňizi Aden Aýlagy bilen birleşdirýän Babülmendep Bogazynyň Ormuz Bogazy ýaly strategiýa taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Borujerdi Babülmendep Bogazynda başdan geçirlip bilinjek haýsydyr bir wakanyň deňiz gatnawyna ýaramaz täsirini ýetirjekdigine ünsi çekdi.
Beýleki tarapdan Eýranyň Ynkylap goragçy goşunynyň deňiz güýçleri serkerdesiniň orunbasary Hamad Ekberzade, ýurduna garşy ABŞ-dan tarapyndan täze harby hüjüm guralan halatynda deňiz güýçleriniň täze enjamlaryny ulanjakdygyny aýtdy.
Sişenbe güni ýurduň günortasynda ýerleşýän Minab şäherinde halka ýüzlenip çykyş eden Ekberzade, ABŞ täze harby hüjüm guran halatynda Ynkylap goragçylary goşunynyň Deňiz güýçleriniň döwrebap täze ulgamlaryny ulanjakdygyny nygtady.
ABŞ bilen Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy bilelikde hüjüm guramaga başlady.
Tähran Ysraýyla we ABŞ-nyň harby bazalaryna ýer eýeçiligini edýän Aýlag ýurtlaryna raketa we dron hüjümlerini guramak bilen gaýtawul görkezdi.
Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde 8-nji aprelde atyşygyň bes edilendigi yglan edildi.
Aprel aýynyň 11-12-i aralygynda Yslamabatda parahatçylyk gepleşikleri geçirildi emma hiç hili netije alynmady.



















