TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezidentiň 7-nji halkara ýahta ýaryşlarynda Milli özygtyýarlyk kubogy başlady
Prezidentiň 7-nji halkara ýahta ýaryşlarynyň ilkinji etaby Milli özygtyýarlyk kubogy 23-nji aprelde Milli häkimiýet we çagalar baýramynyň çaginde Bosfor bogazynda başlady.
Prezidentiň 7-nji halkara ýahta ýaryşlarynda Milli özygtyýarlyk kubogy başlady
Prezidentiň 7-nji halkara ýahta ýaryşlarynda Milli özygtyýarlyk kubogy başlady

Prezidentiň howandarlygynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Ýaşlar we sport ministrliginiň goldaw bermeginde Stambul Açyk deňiz ýahta ýaryş kluby tarapyndan geçirilýän ýaryşlara 14 ýurtdan 500 türgen gatnaşýar.

Dolmabahçede Mustafa Kemal Atatürk we egindeşleri üçin hormatly dymyşlyk edilmegi bilen başlan ýaryşlar 3 sagatdan gowrak dowam etdi.

Stambulyň halky hem ýaryşa gatnaşýan türgenlere uly goldaw berdi.

Milli häkimiýet kubogy üçin bäsleşýän toparlar bogaz etabyny tamamlap Çanakgala tarap ugrady.

Stambul Açyk deňiz ýahta ýaryş klubynyň başlygy Ekrem Ýemlihaoglu her bir etabyň özüne mahsus ruhunyň we hekaýasynyň bardygyny nygtady.

Ekrem Ýemlihaoglu “Prezidentiň 7-nji halkara ýahta ýaryşlary diňe bir sport guramaçylygy däl eýsem şol bir wagtda Türkiýäniň deňizlerdäki güýjüni dünýä görkezýän esasy çärelerden biri” diýdi.

Taryha sarpa ýaryşy

Çanakgala ýeňişiniň 111 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Taryha sarpa ýaryşynda türgenler Çanakgalanyň güýçli ýeline garşy göreşer.

104 deňiz millini geçip Çanakgala ilkinji baran topar Kenarýaka howpsuzlyk kubogynyň eýesi bolar.

Türgenler 25-nji aprelde Dardanel bogazynda bäsleşmäge dowam eder.

3 gün dowam etjek bäsleşigiň ýeňijisi Ýeňiş kubogynyň eýesi bolar.

Ýaryşlaryň ikinji etaby 19-njy maýda, üçünji etaby 30-njy awgustda, final etaby Respublika kubogy bolsa 29-nji oktýabrda Bosfor bogazynda geçirler.