Eýranyň baş gepleşikçisi Muhammed Bagyr Galibaf ABŞ bilen gepleşiklerde öňegidişligiň gazanylandygyny aýtdy, ýöne iki tarapyň arasynda henizem "uly boşlugyň" galýandygy barada duýduryş berdi.
Eýranyň Parlamentiniň başlygy döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda Tähranyň "durnukly parahatçylyga ýetmek babatynda ýagşy niýetdedigine" garamazdan, ýadro meselesi we Ormuz bogazy boýunça pikir aýralygyň dowam edýändigini aýtdy.
Galibaf: "Amerikanyň we Eýranyň gepleşik toparlary indi biri-birini has realistik düşünýärler" diýdi. Şeýle-de bolsa, ol Eýranyň "Amerikanyň ýa-da sionist guramanyň" ýurda garşy başga bir uruş başlatmazlygyna kepil geçmelidigini nygtady.
Iki tarapyň hem öz borçnamalaryny özara ýerine ýetirjek "ädimme-ädim" çemeleşmesini goldaýan Galibaf: "Eger amerikanlar özleriniň ýagşy niýetleri barada dogruçyl bolsalar, öz diktaturalaryny girizmek ýaly birtaraplaýyn çemeleşmelerinden ýüz öwürmelidirler" diýip beýan etdi.
Ylalaşyk bilen bagly öňe sürmeler
Galibaf ýakyn wagtda bolan çaknyşyklaryň üstünde durup geçip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýranyň "söweş meýdanynda ýeňiş gazanandygy" üçin ot açmagy bes etmegi talap edendigini öňe sürdi. Ol Eýranyň 12 günlük uruş bilen ýakynda bolan çaknyşyklaryň aralygyndaky möhletde howa goranyşynda uly öňegidişlik gazanandygyny aýtdy.
Galibaf: "Tramp režimi üýtgetmek ýa-da hüjüm we raketa mümkinçiliklerimizi ýok etmek maksadyna ýetip bilmedi; Eýran Wenesuela däldir" diýdi.
Galibaf duşmanlaryň Eýranyň serhetlerine "separatist elementleri" ýerleşdirmek synanyşyklarynda şowsuzlyga uçrandyklaryny aýtdy we Tähranyň wagtlaýyn ot açmagy bes etmeği kabul etmeginiň, duşmanyň Eýranyň talaplaryny ýerine ýetirmegine gönükdirilendigini aýdyňlaşdyrdy.
Galibaf: "Biz duşmana ynanmaýarys we eger olar ýalňyşlyk goýberseler, doly taýýarlykly ýaragly güýçlerimiz jogap berer" diýip duýdurdy we "duşmanyň" howp arkaly maksatlaryna ýetip bilmeýän mahaly araçylar arkaly habar ibermäge başlandygyny mälim etdi.











