Türkiýäniň Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu çarşenbe güni Stambulyň Senagat Bileleşiginiň maslahatyndan soň žurnalistlere beren interwýusynda çig nebitiň bahalarynyň 50 göterimden gowrak, uçar ýangyjynyň bahalarynyň bolsa iki esseden gowrak ýokarlanandygyny belledi.
Ministr şeýle hem sebitleýin awiasiýa meselelerine ünsi çekip, Eýranda galan türk Pegasus Howaýollaryna degişli uçaryň sişenbe güni Türkiýä gaýdyp gelendigini tassyklady.
Uraloglu häkimiýetleriň penşenbe gününe çenli Eýrandan Türk Howaýollarynyň başga bir uçaryny yzyna getirjekdigini aýtdy.
Ministr Türk Howaýollarynyň we Pegasusyň, şeýle hem beýleki türk awiakompaniýalarynyň maý aýynyň ahyryna çenli howa giňişliginiň ýapylmagy sebäpli sebitdäki köp sanly ýurtlara uçuşlaryny bes edendigini aýtdy.
Ministriň beýan etmegine görä Türkiýe häzirki wagtda Eýranyň uçuş rugsatnamalary baradaky haýyşlaryny seljerýärkä, ýolagçylaryň howpsuzlygyna hemn uly ähmiýet berýär.
Awtoýol we köprüler üçin tölegleriň ýokarlanmagynyň mümkindigini nygtan ministr Uraloglu, hökümetiň bazaryň durnuklylygyny gözegçilikde saklaýandygyny we häzirki wagtda goşmaça ýokarlandyrmanyň meýilleşdirilmeýändigini aýtdy.

























