SYÝASAT
1 minut okamak
Eýranyň Prezidenti: “Gepleşiklerden söz etmek boýun egmek manysyny aňlatmaýar”diýdi
Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan gepleşiklerden söz etmegiň boýun egmek manysyny aňlatmaýandygyny, tersine Eýranyň halkynyň hukuklaryny we milli bähbitlerini goramak diýmeklikdigini belledi.
Eýranyň Prezidenti: “Gepleşiklerden söz etmek boýun egmek manysyny aňlatmaýar”diýdi
Eýranyň Prezidenti: “Gepleşiklerden söz etmek boýun egmek manysyny aňlatmaýar”diýdi / Reuters

Eýranyň talyplar gullugy ISNA-nyň berýän habaryna görä, Prezident Pezeşkiýan uruş sebäpli çekilen ýitginiň anyklanylmagy üçin döredilen toparyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Pezeşkiýan duşuşykda uruş sebäpli ýitgi çeken halkyň ýitgileriniň öwezini doldurmagyň möhümdigine ünsi çekdi we gepleşiklerden söz etmegiň boýun egmek ýada egilşik etmek manysyny aňlatmaýandygyny, tersine Eýranyň halkynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak diýmeklikdigini belledi.

Eýranyň halkynyň duşmana boýun egmejekdigini aýdan Pezeşkiýan, hüjümlerde öýlerine zeper ýetirlen raýatlar üçin ellerinden geleni edýändiklerini nygtady.

Beýleki tarapdan Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary İsmail Bekaýi, ABŞ bilen dowam edýän gepleşik etabynda hödürlenen teklibiň seljerilýändigini mälim etdi.