DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Rus resmileriniň aýtmagyna görä ukrain dronlary Russiýaiň Leningrad adyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyna we Çeboksaridäki elektrik bekedine hem hüjüm gurady.
Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Emeli hemradan alnan suratda Ukrainanyň hüjüminden soň Russiýanyň Baltika deňzindäki Ust-Luga portundan tüsse göterilýändigi görünýär. / Reuters

Rus resmileri sişenbe güni ukrain dronlarynyň başga bir nebiti gaýtadan işleýän zawoda we elektrik enjamlaryny öndürýän zawoda hüjüm gurap, azyndan üç adamy ýaralandygyny beýan etdiler.

Goranmak ministrligi Kiýewiň gije uly göwrümli dron hüjümini amala aşyrandygyny we Moskwanyň Russiýaiň 15 sebitinde 300-e golaý drony urup düşürendigini aýtdy.

Beýanamada "howa goranyş ulgamlarynyň gije 289 ukrain dronuny ýok edendigi" mälim edilýär.

Beýleki tarapdan, Ukrainanyň "Unian" habar agentliginiň berýan maglumatyna görä dronlaryň sany has köp bolup, diňe paýtagt Moskwa tarap takmynan 200 dron uçuryldy.

Leningradyň gubernatory Aleksandr Drozdenkonyň aýtmagyna görä esasy hüjümleriň biri Leningrad sebitine guraldy. Gubernator gije 29 ukrain dronunyň urlup düşürilendigini öňe sürdi.

Drozdenko Telegramdaky beýanatynda hüjümiň Kirişi senagat zolagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyň ýerleşýän ýerindäki desgalarda ýangyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Gubernator: "Kirişi senagat zolagyndaky ýangyn gözegçilik astyna alyndy we ýangyn söndüriş işleri tamamlanyp barýar. Duşmanyň esasy maksady “KINEF” nebiti gaýtadan işleýän zawody hatardan çykarmakdy. Hüjüm netijesinde adam pidasy bolmady" diýdi.

Ýerli häkimiýetler sişenbe güni Çeboksaridäki elektrik enjamlaryny işläp düzýän we öndürýän zawodyň Ukrainanyň dron hüjümine sezewar bolandygyny we üç adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Beýannamada: "Operasion maglumatlara görä Çeboksaridäki dron hüjümi netijesinde üç adam ýaralandy" diýilýär.

 

Ukraina şeýle hem Çeboksaridäki iki sany köpgatly jaýy bombalady. Ýaşaýjylar ewakuasiýa edildi. Şäheriň resmileri golaýdaky köçelerde ulag gatnawynyň bes edilendigini we käbir döwlet edaralarynyň, şol sanda mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň ýapylandygyny aýtdy.

Ukraina heniz çenli Russiýaiň günäkärlemeleri hakynda beýannama bermedi.