DÜNÝÄ
1 minut okamak
Gaza ynsanperwer kömek flodynda zamun alynan türk raýatlary Türkiýä dolanýar
Daşary işler ministrligi halkara Sumud flodyndaky türk raýatlarynyň we daşary ýurtly meýletinleriň çarter uçary bilen Türkiýä getirilmegine garaşylýandygyny mälim etdi.
Gaza ynsanperwer kömek flodynda zamun alynan türk raýatlary Türkiýä dolanýar
Gaza ynsanperwer kömek flodynda zamun alynan türk raýatlary Türkiýä dolanýar / Reuters

Ysraýyl tarapyndan halkara suw giňişliginde zamun alunan Gaza ynsanperwer kömegini alyp giren halkara Sumud ynsanperwer kökek flodynyň hatarynda ýer alan türk raýatlary bilen daşary ýurtly meýletinleriň şu gün ýörite uçar bilen Türkiýä gelmegine garaşylýar.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ömer Keçeli anna güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnasynda “Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan halkara suw giňişliginde Sumud ynsanperwer kömek flodyna guralan operasiýada zamun alynan raýatlarymyz bilen birlikde beýleki meýletinler ýola Kryda geldi” diýdi.

Ömer Keçeli “Gresiýadaky ilçihanamyz we konsullugymyz Krytda degişli taýarlyklary gördi. Raýatlarymyzyň we käbir daşary ýurtly meýletinleriň şu gün ýörite uçar bilen Türkiýä getirilmegine garaşylýar” diýdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni Gaza tarap barýan 20-den gowrak gäminiň halkara suw giňişliginde saklanandygyny we 175 meýletiniň zamun alynandygyny mälim edipdi.

Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden flot, Ysraýylyň gabawyny böwüsmegi we deňiz ýoly arkaly ynsanperwer kömek koridoryny açmagy maksat edinýärdi.

Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy genosid söweşini başlatdy

Söweşde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 72 müňden gowrak adam ýogaldy.

Söweş sebäpli Gazanyň infrastrukturasynyň 90 göterimi hatardan çykaryldy.

BMG gaýtadan dikeldiş işleriniň gymmatynyň 70 milliard dollara barabar bolup biljekdigini mälim etdi.

Ysraýyl 2007-nji ýyldan bäri Gazany gabaw astunda tutýar.