Üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral we mart aýlaryny öz içine alýan döwürde 3 müň 277 ýük gämisi bilen 1833 dökme ýük gämisi Bosfor bogazyny ulandy.
2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Bosfor bogazyndan geçen 9 müň 195 gäminiň 5 müň 792-niň ýolbelentlik hyzmadyny alandygy anyklandy.
Geçen ýylyň tersine şu ýyl 300 metrden uly gämileriň üstümizdäki ýylyň ilkinji 3 aýynda bogazdan geçmändigi habar berildi.
Bogazdan geçen gämileriň 370-i 250-300 metr, 593-i 200-250 metr, 2 müň 416-y 150-200 metr, 3 müň 306-sy 100-150 metr, 2 müň 510-nyň bolsa 100 metrden kiçidigi anyklandy.
Bosfor bogazyndan ýanwar-mart aýlaryny öz içine alýan döwürde himiki ýük daşaýan 451 tanker geçdi.
Üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde Bosfor bogazyndan 1833 dökme ýük gämisi, 11 sement gämisi, 984 konteýner gämisi, 3 müň 277 ýük gämisi, haýwan daşaýan 125 gämi, 9 harby gämi, 77 ýolagçy gämisi, suwuklandyrlan nebit-gaz daşaýan 207 gämisi bilen ulag daşaýan 30 gämi geçdi.
Iň köp ýük ýanwar aýynda daşaldy.
Ady agzalýan döwürde Bosfor bogazyny ulanan gämileriň daşaýan ýükleri bilen birlikde jemi agyrlygy 135 million 182 müň 851 gross tonna hökmünde hasaplandy.
Bosfor bogazyndan iň az ýük fewral aýynda daşalýar. Fewral aýynda bogazdan 41 million 343 müň 780 gros tonna ýük daşalýar.












