TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi Geçirildi
Ministr Fidan Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisiniň çäginde özara gatnaşyklaryň institutsional çäklerde ara alnyp maslahatlaşylandygyny we sebitleýin meseleleriň, esasanam Gaza meselesiniň seljerilendigini aýtdy.
Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi Geçirildi
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri şazada Faýsal bin Farhan Al Saud Türkiýä sapar etdi. / Reuters

Daşary işler ministri Hakan Fidan Nsosial media hasabyn- arkaly Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi barada maglumat berdi.

Fidan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen mejlise ýolbaşçylyk edendigini we degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda, energetika, goranmak, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we ulag ýaly strategik ugurlardaky toparlaryň işini seljerip, özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Fidan esasanam Gaza meselesi hakda pikir alyşylan mejlisiň çäginde  "Diplomatik we hususy pasport eýeleriniň wyza borçnamalaryndan özara boşadylmagy hakyndaky ylalaşyga" gol çekişendiklerini mälim etdi.

Ministr Fidan ylalaşygyň iki ýurt üçin hem düşümli bolmagyny arzuw etdi we Bin Farhana hem-de onuň wekiliýetine sapary üçin minnetdarlyk bildirdi.