Ukrainaly resmiler ýurduň günortasynda ýerleşýän Herson şäherinde awtobusa Russiýa tarapyndan guralan dron hüjüminde 2 adamyň ýogalandygyny, 7 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Şäher häkimi Oleksandr Prokudin, Telegramdan beren habarnamasynda, Russiýanyň awtobusy nyşana alandygyny habar berdi.
Ukrainanyň adam hukuklary boýunça Ombudsmeni Dmitro Lubinets Telegramdan beren habarnamasynda “Şuňa meňzeş hüjümler asuda ilata garşy bilkastlaýyn alnyp barylýan terror syýasatynyň bir bölegidir” diýdi.
Rus güýçleriniň ele geçiren ýeke-täk sebitiniň paýtagty bolan Herson 2022-nji ýylda ukrainaly esgerler tarapyndan yzyna alnypdy, emma şäher ýygy-ýygydan rus hüjümlerine sezewar bolýar.
Ukrainaly resmiler Moskwany esasan Hersonda asuda ilata garşy bilkastlaýyn dron hüjümini guramakda günäkärleýär.
Soňky birnäçe aýdan bäri her gün diýen ýaly rus güýçleri tarapyndan nyşana alynýan Odessa sebiti hem tutuş gije hüjümlere sezewar boldy.
Ukrainanyň howa güýçleri Russiýa tarapyndan atylan 163 drondan 142-ni hatardan çykarandygyny habar berdi.















