Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi ministr Abbas Arakçiniň Pakistanyň paýtagty Yslamabada barandygyny emma ABŞ bilen özara duşuşygyň geçirilmejekdigini aýtdy.
Bekaýi Daşary işler ministri Arakçiniň şenbe güni pakistanly ýokary derejeli resmiler bilen duşuşjakdygyny belledi.
Eýranyň Daşary işler ministri Arakçi Yslamabatda Pakistanyň Daşary işler ministri Ishak Dar, Baş ştabyň başlygy marşal Asym Munir we ýokary derejeli beýleki ýolbaşçylar tarapyndan garşylandy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda ABŞ-nyň hüjüm söweşiniň bes edilmegi we sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin gepleşikleriň dowam etjekdigini nygtady.
Bekaýi “Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda özara duşuşygyň geçirilmegine garaşylmaýar. Eýran garaýyşlaryny Pakistana ýetirer” diýdi.
Beýleki tarapdan Ak Tamyň metbugat sekretary Karolin Leawitt, ABŞ-nyň ýörite wekili Stew Witkof bilen Prezident Donald Trampyň giýewi Kuşneriň eýranly wekiller bilen duşuşmak üçin şenbe güni Pakistana gitjekdigini aýtdy.
Pakistan Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi üçin uly tagalla edýär.













