DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi
Ysraýylyň harby goşuny atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi / Reuters

Ysraýylyň harby goşuny çarşenbe güni beren beýannamasynda, guralmagy meýilleşdirilýän hüjümleriň öňüsyrasynda Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň gyssagly boşaldylmagy barada duýduryş berdi.

Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Adraee arap dilinde 12 obanyň ýaşaýjylaryna beren duýduryşynda “Öýleriňizi gyssagly boşaldyň we azyndan 1000 metr uzaklyga gidiň” diýdi.

Ysraýylyň harby goşuny 17-nji aprelde gazanylan we 17-nji maýa çenli möhledi uzaldylan ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Liwanda onlarça obada ýaşaýyş jaýlaryny ýykmaga dowam edýär.

Ysraýylyň 2-nji martdan bäri Liwana guraýan hüjümleridne 2 müň 702 adam ýogaldy, 8 müň 311 adam hem ýaralandy.

Hüjümler sebäpli 1,6 milliondan gowrak adam hem ýaşaýan ýerini terk etdi.