TÜRKIÝE
1 minut okamak
Hantawirus gämisindäki 3 türk Türkiýä getirilýär
Saglygy goraýyş ministrligi ýolagçylaryň Türkiýä getirilmeginden soň karantina alynjakdyklaryny mälim etdi.
Hantawirus gämisindäki 3 türk Türkiýä getirilýär
Hantawirus gämisindäki 3 türk Türkiýä getirilýär / Reuters

Hantawirusa gabat gelinen halkara ýolagçy gämisinde syýahat eden 3 türk şu gün Türkiýä getirilýär.

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, gämidäki türk raýatlarynyň Türkiýä getiriljekdigi mälim edildi.

Beýannamada “Degişli guramalar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys. Ýolagçy gämisindäki raýatlarymyzda wirusyň alamatlarynyň ýokdygy habar berildi” diýildi.

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, gämidäki 3 türküň Türkiýä getirlenden soň karantina alynjakdygyna we ministrligiň mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdigine üns çekildi.