DÜNÝÄ
2 minut okamak
Halkara Sumud flotiliniň meýletinleri açlyk yglan etdi
Halkara Sumud Flotiliniň 87 meýletini Ysraýyl tarapyndan tussag edilenden soň açlyk yglan etdi.
Halkara Sumud flotiliniň meýletinleri açlyk yglan etdi
Halkara Sumud flotiliniň meýletinleri açlyk yglan etdi / Reuters

Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden Halkara Sumud Flotilinde ýer alan we Ysraýyl tarapyndan saklanan 87 meýletin, waka garşylyk görkezmek we Ysraýylyň tussaghanalaryndaky palestinli tussaglylara goldaw berýändiklerini görkezmek üçin açlyk yglan etdi.

Flotil tarapyndan sişenbe güni X sosial media paltformasy arkaly beren habarnamasynda “iň ahlakly goşundygy” öňe sürülýän Ysraýylyň harby goşunynyň üç hepde-de ikinji gezek ýoldaşlaryny halkara suw giňişliginde saklanandygy nygtaldy.

Habarnamada “Ýoldaşlarymyzyň bikanun ýagdaýda saklanandygyna garşylyk görkezmek we Ysraýylyň zyndanlarynda saklanýan 9 müň 500-den gowrak palestinlä goldaw berýändigimizi görkezmek maksady bilen azyndan 87 meýletin boşadylýançak açlyk yglan edýäris” diýildi.

Habarnamada ysraýylly ýolbaşçylar tarapyndan saklanan ähli tussaglylaryň boşadylmagy talap edildi we hökümetlere Ysraýylyň garakçylyk hereketini ýazgarmaklary üçin çagyryş edildi.

Habarnamada flotiliň hataryndaky meýletinler bilen birlikde palestinli ähli tussaglylaryň boşadylmagy islendi.

Halkara Sumud flotili sişenbe güni ynsanperwer kömek kerwenindäki 50 gäminiň Ysraýyl tarapyndan ele geçirlendigini habar beripdi.

Gämilerde jemi 44 ýurtdan 428 meýletin bar. Meýletinleriň arasynda 78 türk raýaty bar.

Ynsanperwer kömek flotili penşenbe güni Türkiýäniň Marmaris etrabynda 2007-nji ýyldan bäri Gaza goýlan bikanun gabawy böwüsmek üçin ugrapdy.

Ysraýylyň harby goşuny aprel aýynyň ahrynda Kryt adasynda Gaza ynsanperwer kömegini alyp barýan başga bir flotile hüjüm edipdi.

2007-nji ýyldan bäri Gazany gabaw astynda tutýan Ysraýyl, sebitde 2,4 million adamy açlyga sezewar edýär.

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazada başladan genosid söweşinde 72 müňden gowrak adam ýogaldy, 171 müň adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli sebit harabalyga öwrüldi.

 

Öwren
Eýran ABŞ bilen gepleşikleriň Pakistan arkaly dowam edýändigini tassyklady
Ysraýyl Eýrana garşy operasiýalary goldamak üçin Yrakda iki sany gizlin harby baza döretdi
ABŞ-nyň iki harby uçary Aýdaho ştatyndaky harby bazada bolan çärede çakyşdy
Moskwa sebitinde gije dowam eden giň gerimli hüjümlerde üç adam öldi
Ysraýyl Gazada 2 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gaza guran  soňky hüjümlerinde 7 adam ýogaldy, 45 adam ýaralandy
ABŞ heniz eýranly türgenlere wiza bermedi
Russiýa Ukrainanyň paýtagtyny bombalady
Hindistanyň demirgazygynda güýçli ýel we aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli 89 adam ýogaldy
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Ganhor Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 882 adama ýetdi
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady
Belgiýa Türkiýe bilen strategik ýaranlygyň çuňlaşdyrylmagynda “uly ptensialyň” bardygyny görýär
ABŞ-nyň hantawirus gämisindäki raýatlaryndan birinde wirusyň bardygy anyklandy
Hantawirusdan zyýan çeken gämi Ispaniýanyň Tenerife portuna geldi we ewakuasiýa başlandy
Ysraýyl Eýrana garşy urşy goldamak üçin Yrakda gizlin baza döretdi we ony tapan esgerlere hüjüm etdi
Putin Fiso Russiýanyň Slowakiýa energiýa üpjünçiligi üçin "ähli zady" etjekdigini aýtdy
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar