DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreleriň öňüsyrasynda anna güni yglan edilen üç günlük ylalaşygyň çaknyşyklaryň bes edilmegine sebäp bolmagyny umyd edýändigini aýdypdy.
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady / AFP

Ukrainaly resmilere görä, üç günlük ylalaşygyň yzy ýanyndan rus güýçleri sişenbe güni Ukraina howa hüjümlerini gurady.

Paýtagtyň harby dolanşyk gullugynyň başlygy Ýimur Tkaçenko Telegramdan beren habarnamasynda, “Duşmanyň dronlary hüjüm guramaga başlady. Howpsuz ýerlerde galmaga dowam ediň” diýdi.

Ady agzalýan duýdyryş anna gününden soň paýtagtda berlen ilkinji duýduryş boldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çärelerinden birnäçe sagat ozal, anna güni 3 günlük ylalaşygyň yglan edilendigini we ylalaşygyň 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän çaknyşygyň bes edilmegine sebäp bolmagyny umyd edýändigini aýdypdy.

Iki ýurt Trampyň yglan eden üç günlük ylalaşygyna garamazdan birek-biregi ylalaşygy bozmakda günäkärledi.