TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi
Türkiýe Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegi we Gazada çuňlanşan ynsanperwer krizisiniň ortadan aýrylmagy üçin halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.
Türkiýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi
Türkiýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi / AA

Türkiýe Respublikasynyň Milli Goranmak ministrligi, Tähran bilen Waşingtonyň yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy we parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegi üçin tagalla etmegini umyd edýändigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Zeki Aktürk penşenbe güni beren beýannamasynda, “Eýran bilen ABŞ-nyň wagtlaýyn ylalaşygyň yzygiderli ylalaşyga öwrülmegi we gepleşik etabynyň dowam etmegi üçin parasatly çemeleşmeklerini umyd edýäris. Sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Aktürk mundan başgada dowam edýän gepleşik etabyna garamazdan Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümlerine we Ysraýylyň Gazadaky genosidi sebäpli çuňlaşýan ynsanperwer krizisine garşy halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçilikli hereket etmelidigini ýatlatdy.

Aktürk Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň hepdäniň başynda Stambul şäherinde geçirlen SAHA 2026 goranyş sergisiniň çäginde somalili, kosowaly, keniýaly, kuweýtli, sudanly we estoniýaly kärdeşleri bilen duşuşandygyny, aktual sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandygyny belledi.