Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew Germaniýanyň hökümetini "ar almak" we Ikinji Jahan urşunyň netijelerini gaýtadan gözden geçirmek synanyşygynda aýyplady.
Russiýanyň Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda “Russia Today” (RT) web sahypasynda çap edilen makalada Medwedew, Germaniýanyň resmileriniň beýanatlaryna we syýasatyna salgylanyp, olaryň şeýle niýetleri subut edýändigini aýtdy.
Medwedew Germaniýanyň hiç haçan hakykatdanam "denafikasiýa" prosesinden geçmändigini öňe sürüp, öňki nasist partiýasynyň agzalarynyň uruşdan soňky döwürde ýurduň döwlet gullugy düzüminiň bir bölegine öwrülendigini öňe sürdi.
Medwedew Germaniýanyň resmileriniň häzir Russiýany "howpsuzlyga we parahatçylyga esasy howp" hökmünde kesgitleýändigini we Moskwany "strategik ýeňlişe" sezewar etmek maksady bilen ýola düşýändigini aýtdy.
Şeýle hem, ol Germaniýada 2029-njy ýyla çenli Russiýa bilen harby çaknyşyk bolmagynyň mümkinçiligi barada syýasy çekişmelere ünsi çekdi.
Medwedew Berliniň Germaniýanyň goşunyny "Ýewropanyň iň güýçli goşunyna" öwürmäge synanyşýandygyny we onuň şahsy düzümini 181 müňden 460 müňe çenli köpeltmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Medwedew öz makalasyny Germaniýa iki wariant hödürläp jemledi we ýagdaýy şeýle beýan etdi: ýa uruş we öz döwlet gurluşyny ýok et, ýa-da dialoga gaýdyp gel.
Medwedew: "Biz iki netijäniň islendigini hem kabul edip bileris. Indiki ädim Germaniýanyň özüne bagly" diýdi.









