Belgiýanyň Daşary işler ministri Maksim Prewo Brýusseliň energetika, goranmak, tehnologiýa we innowasiýalar pudaklarynda Ankara bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çalyşýan şertlerinde 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 13 milliard dollardan geçendigini beýan etdi.
Şa aýal Matildanyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýä guralýan saparyň çaginde duşenbe güni Türkiýe-Belgiýa İşewürler Maslahatynyň açylyşynda çykyş eden Maksim Prewo, şa aýalyň saparynyn Brýusseliň Ankara bilen gatnaşyklara aýratyn üns berýändigini görkezýandigini aýtdy.
Prewo; “Bu iňňän möhüm. Bu Belgiýanyn Türkiýe bilen bolan gatnaşyklaryna goýýan sarpasyny haýsydyr bir çykyşyndan has açyk-aýdyn görkezýär” diýdi.
Özara gatnaşyklaryň iki asyrlyk syýasy, ykdysady we diplomatik gatnaşyklara esaslanýandygyny beýan eden Prewot, Belgiýanyň türk diasporasynyn pozisiýasyny hem nygtady.
Belgiýanyň Daşary işler mimnistri Prewo özara hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy üçin güýçli potensiýala eýe bolan bäş pudaga ünsi çekdi. Olar: ýaşyl energiýa, awiasiýa we goranmak, portlar we logistika, biologiki ylymlar we biotehnologiýa bilen digital öwrülşik.
“Bular tötänleý saýlanan pudaklar däl” diýen Prewo, iki ýurduň hem “dünýä derejesinde hünär derejesine we innowasiýa” eýedigini sözleriniň üstüne goşdy.
Prewo Belgiýanyň Türkiýä edýän eksportynyň 2025-nji ýylda 6,5 milliard ýewro ýetendigini, derman we himiki önümleriň söwda pudagynda başda durýandygyny, Türkiýäniň Bekgiýa eksportynyň bolsa 5,6 milliard ýewro ýetendigini we ulaglar hem-de käbir metallaryň esasy orny eýeleýändigini beýan etdi.
“Belgiýa şol bir wagtda Türkiýedäki maýadarlaryň arasynda 8-nji orunda durýar” diýen Prewot, ýüzlerçe iş orunlarynyň açylmagyna şert döretmegine garaşylýan taslamalara ünsi çekip, Belgiýadaky türk maýa goýumlarynyň artýandygynyna kanagatlanma bildirdi.
Belgiýanyň Daşary işler ministri “Türk firmalarynyň indi Belgiýada maýa goýmaga başlandygy bizi hoşal edýär” diýdi.











