Russiýa penşenbe güni ir ertir Kiýewe dronlar we rakatalar bilen hüjüm gurady.
Ukrainaly resmiler hüjümde azyndan 5 adamyň ýogalandygyny, 40 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň Howa güýçleri Russiýa tarapyndan atylan 675 drondan 652-niň, 56 raketadan 41-niň hatardan çykarlandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý hüjümde ýaşaýyş jaýlaryna we bir mekdebe zeper ýetirlendigini nygtady.
Russiýa bolsa ar almak maksady bilen guralan hüjümlerde harby merkezleriň we energiýa desgalarynyň nyşana alynandygyny öňe sürdi.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý rus dronlarynyň Herson şäherinde BMG-na degişli ulagy bilkastlaýyn nyşana alandygyny emma wakada adam pidasynyň çekilmändigini aýan etdi.
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başladan hüjümleri sebitde uly ynsanperwer krizisine sebäp bolmaga dowam edýär.












