SYÝASAT
1 minut okamak
Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
Prezident R. T. Erdogan Stambulda Belgiýaly Şa aýal Matilde bilen duşuşdy.
Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär / AA

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan soňky döwürde başdan geçirilýän sebitara wakalaryň Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini ýene-de bir gezek aç-açan görkezýändigini nygtady.

Prezident Erdogan Gümrük bileleşigi şertnamasynyň döwrüň şertlerine görä gaýtadan gözden geçirilmeginiň amatly boljakdygyny belledi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan ýekşenbe güni Stambul şäherinde Belgiýaly Şa aýal Matilde bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe-Belgiýa gatnaşyklary bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kommuniýasiýalar edarasynyň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Prezident Erdogan Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy goranyş taýdan iki tarap üçin hem bähbitli bolar” diýdi.

Erdogan Türkiýe bilen Belgiýanyň söwda, goranyş senagaty, energiýa we oba hojalyk ýaly birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilige eýedigini belledi.

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Belgiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Türkiýäniň halkara derejesinde täsiri gün saýyn güýçlenýän diplomatik rolyna ünsi çeken Erdogan, Ankaranyň iýul aýynyň 7-8-i aralygynda NATO-nyň liderler sammitine, noýabr aýynyň 9-20-i aralygynda bolsa howa çalşygy sammitine ýer eýeçiligini etjekdigini ýatlatdy.