DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran ABŞ bilen gepleşikleriň Pakistan arkaly dowam edýändigini tassyklady
Eýran ABŞ-na özara teklipleriň hödürlenendigini we Tähranyň pakistanly araçylar arkaly 14 maddadan ybarat täzelenen meýilnamany ýetirendigini aýan etdi.
Eýran ABŞ bilen gepleşikleriň Pakistan arkaly dowam edýändigini tassyklady
Eýran ABŞ bilen gepleşikleriň Pakistan arkaly dowam edýändigini tassyklady

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ismail Bekaýi ABŞ bilen gepleşikleriň Pakistanyň araçylyk etmeginde dowam edýändigini aýtdy.

“Mehr” habarlar agentliginiň habaryna görä, Bekaýi duşenbe güni beren beýanatynda: “Olar baýlaşdyrmak we uran materiallary barada spekulýasiýalary gün tertibe getirdiler. Biz olara bularyň hiç hili esasynyň ýokdugyny habar berdik” diýip belledi.

Bekaýi: "Amerikalylar teklipler berdiler we biz öz garaýyşlarymyzy beýan etdik" diýip belledi.

Bekaýi şeýle hem ABŞ-nyň we Bahreýniň Ormuz bogazy bilen baglanyşykly teklip eden kararlaryna reaksiýa bildirip, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň "Eýrany sebitiň howpsuzlygyna zyýan ýetirmekde aýyplap bilmejekdigini" aýtdy.

Bekaýi: “Hytaý we Russiýa deňiz we erkin söwdadaky ynamsyzlygyň esasy çeşmesiniň ABŞ-dygyny bilýärler” diýdi.

Bekaýi: "Eger halkara jemgyýetçiligi jogapkärli ädim etmek isleýän bolsa, ABŞ-nyň hereketlerini ýazgarmalydyr" diýip belledi.