DÜNÝÄ
1 minut okamak
Damaskda Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan partlamada 1 esger ýogaldy
Howpsuzlyk güýçleri şol sebitde başga bir ulaga goýlan bombanyň ýarylmagynyň öňüni almak üçin herekete geçdi.
Damaskda Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan partlamada 1 esger ýogaldy
Damaskda Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan partlamada 1 esger ýogaldy

SANA habarlar gullugyna görä, paýtagt Damaskda Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan partlamada siriýaly 1 esger ýogaldy, birnäçe esger ýaralandy.

Siriýanyň Goranmak ministrliginiň SANA habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Damaskyň Bab Şarki etrapçasynda ministrlige degişli binanyň golaýynda partlaýjy enjamyň tapylandygy nygtaldy.

Beýannamada howpsuzlyk güýçleriniň partlaýjy enjamy täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin gyssagly herekete geçendigi, şol sebitde başga bir ulaga goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli 1 esgeriň ýogalandygy, birnäçe esgeriň hem ýaralanandygy bellenildi.

“Alikhbariah TW” partlamada 1 esgeriň ýogalandygyny, 12 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi.

Terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Başar Asadyň 2024-nji ýylyň ahyrynda häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Prezident Ahmed al Şara 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda wezipesine girişdi.

 

Öwren
Eýran ABŞ bilen gepleşikleriň Pakistan arkaly dowam edýändigini tassyklady
Ysraýyl Eýrana garşy operasiýalary goldamak üçin Yrakda iki sany gizlin harby baza döretdi
ABŞ-nyň iki harby uçary Aýdaho ştatyndaky harby bazada bolan çärede çakyşdy
Moskwa sebitinde gije dowam eden giň gerimli hüjümlerde üç adam öldi
Ysraýyl Gazada 2 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň Gaza guran  soňky hüjümlerinde 7 adam ýogaldy, 45 adam ýaralandy
ABŞ heniz eýranly türgenlere wiza bermedi
Russiýa Ukrainanyň paýtagtyny bombalady
Hindistanyň demirgazygynda güýçli ýel we aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli 89 adam ýogaldy
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Ganhor Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 882 adama ýetdi
Birleşen Arap Emirlikleri Eýrana garşy gizlinlikde hüjüm edipdir
Russiýa ylalaşygyň möhlediniň tamamlanmagynyň yzy ýanyndan Ukraina howa hüjümini gurady
Belgiýa Türkiýe bilen strategik ýaranlygyň çuňlaşdyrylmagynda “uly ptensialyň” bardygyny görýär
ABŞ-nyň hantawirus gämisindäki raýatlaryndan birinde wirusyň bardygy anyklandy
Hantawirusdan zyýan çeken gämi Ispaniýanyň Tenerife portuna geldi we ewakuasiýa başlandy
Ysraýyl Eýrana garşy urşy goldamak üçin Yrakda gizlin baza döretdi we ony tapan esgerlere hüjüm etdi
Putin Fiso Russiýanyň Slowakiýa energiýa üpjünçiligi üçin "ähli zady" etjekdigini aýtdy
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar