Ysraýylyň harby goşuny atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlar hakynda maglumat berildi.
Beýannamada soňky 48 sagatda Gazadaky hassahanalara ýogalan 8 adam bilen ýaralanan 29 adamyň getirlendigi ýatladyldy.
Gazada 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli 890 adamyň ýogalandygy, 2 müň 677 adamyň ýaralanandygy, harabalygyň aşagynda galan 777 adamyň jesediniň çykarlandygy bellenildi.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 72 müň 783, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 172 müň 779 adama ýetendigi nygtaldy.
Gaza sektorynda harabalyklaryň aşagynda henizem müňlerçe jesediň bardygy nygtalýar.

















