Resmi sapar bilen 13-nji maýda Gazagystanyň paýtagty Astana giden Prezident Erdogan saparyny dowam etdirýär.
Düýn Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomat Tokaýew bilen özara duşuşyk geçiren Erdogan, Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahatyna gatnaşdy.
Erdogan bilen Tokaýew soň bolsa metbugata beýannama berdi.
Prezident Erdogan şu gün irden Türk döwletleriň guramasynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Astanadan Türkistana gitdi.
Prezident Erdogany Nursoltan Nazarbaýew howa menzilinde Gazagystanyň Wise-premýeri Olžas Bektenow we Türkiýäniň Astanadaky ilçisi Mustafa Kapuju garşylady.













