Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan ýurdunyň ýadro ýaragyna eýe bolmak we sebitde durnuksyzlyk islemeýändigi meselesinde halkara jemgyýetçiligini kepillendirmäge taýardygyny aýtdy.
“IRNA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Pezeşkiýan “Eýranyň merhum lideri Ali Hamaneýiniň ýogalmagyndan öň hem nygtaýşymyz ýaly ýene-de bir gezek nygtaýarys. Biz bütün dünýä ýadro ýaragyna eýe bolmak islemeýändigimizi kepillendirmäge taýar”diýdi
Pezeşkiýan sebitiň durnuksyzlaşmagyndan Ysraýylyň jogapkärdigini nygtady.
Prezident Pezeşkiýan Eýranyň adyndan gepleşikleri alyp barýan toparyň ýurduň mertebesinden asla ýüz öwürmejekdigini sözleriniň üstüne goşdy.
ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy 28-nji fewralda başladan bilelikdäki hüjüminden soň başlan söweşiň bes edilmegi üçin uly tagalla edilýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, dünýä ýurtlarynyň ýakynda gowy habar aljakdygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi hem Waşinton bilen ýakynda ylalaşyk gazanyljakdygyny mälim edipdi.














