Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Ermenistandaky ilçisini geňeşmeler üçin Moskwa çagyrandygyny mälim etdi.
Ministrlikden berlen beýannamada, Russiýanyň Ýerewandaky ilçisi Sergeý Kopyrkiniň geňeşmeler üçin Moskwa çagyrlandygy nygtaldy.
Beýannamada, Ermenistanyň ÝB-ne agza bolmak üçin edýän tagallalary sebäpli ilçiniň Moskwa çagyrlandygy bellenildi.
Beýannamada “Bu tagallalar Ýewraziýa Ykdysadyýet bileleşiginiň çäginde edilýän hyzmatdaşlyga zeper ýetirýär” diýildi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa geçen hepde beren beýannamasynda, Ermenistanyň ÝB bilen ýakynlaşmagynyň özara gatnaşyklara we strategik hyzmatdaşlyga zeper ýetirjekdigini aýdypdy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Ermenistan ÝB-ne agza bolan halatynda söwda gatnaşyklarynyň düzgünleriniň gaýtadan gözden geçiriljekdigini mälim edipdi.
Ermenistandaky ýagdaýy Ukrainadaky ýagdaýa meňzeden Putin, “Ukrainadaky krizis, bir wagtlar Ukrainanyň ÝB-ne agza bolmak üçin eden başlangyjy bilen başlady” diýdi.
















