Ysraýylyň harby goşuny Liwanyň günortasynda ýerleşýän Beauford Ridge we Wadi al-Salusi sebitinde giň gerimli hüjüm başladandygyny habar berdi.
Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Ella Waweýa X sosial media paltformasy arkaly beren habarnamasynda basyp alyşlygyň birnäçe gün ozal gury ýer güýçleri bilen başlandygyny aýtdy.
Waweýa hüjümiň terrorçylaryň ýok edilmegini maksat edinýändigini belledi.
Ysraýylyň harby goşunynyň Litani derýasyny geçendigini we derýanyň demirgazygynda Hizbullaha garşy guraýan hüjümlerini artdyrandygyny aýdan Waweýa, operasiýalaryň başga sebitleri hem öz içine alýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.
Ysraýylyň Hizbullahyň Liwanyň günortasyndaky esasy galalaryndan biri hökmünde bilinýän Nabatiýe şäherine hüjüm guramaga taýardygy ýatladyldy.
“Anadoly Habarlar” gullugyna beýannama beren liwanly serkerde, Ysraýylyň harby goşunynyň Litani derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän obalara tarap barýandygyny mälim etdi.
Ysraýyl ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde 17-nji aprelde atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligine görä, Ysraýylyň 2-nji martdan bäri guraýan hüjümlerinde 3 müň 370-den gowrak adam ýogaldy.











