Zeugma mozaika muzeýinde “Sigan gyz”, “Mars heýkeli” ýaly Rim döwrüne degişli esgerler bilen Ýefrat derýasynyň kenaryndaky willalarda tapylan mozaikalar ýaly ýüzlerçe eser sergilenýär.
Zeugma muzaika muzeýi Gurban baýramy dynç alyşynda syýahatçylaryň iň köp baryp gören ýerlerinden biri boldy
“Prezidentiň Medeniýet we sungat” baýragyna eýe bolan muzeýe 9 günlük Gurban baýramy dynç alyşynda 49 müň 733 adam baryp gördi.
Hediýe Beşikçi Samsundan Gaziantebe Zeugma muzeýini görmek üçin gelendigini nygtaýar.
Konýa Beýşehirden gelen Kamil Bahtiýar bolsa “Taryhy ýerleri gezip görsünler diýip çagalary getirdik” diýdi.

















