DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ermenistanda parlament saýlawy geçirilýär
Günbatarly ýurtlar bilen ýakyndan gatnaşyk edýän we Azerbaýjan bilen parahatçylyk etabyny dowam etdirýän Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan saýlawçylaryndan goldawa garaşýar.
Ermenistanda parlament saýlawy geçirilýär
Ermenistanda parlament saýlawy geçirilýär / Reuters

3 ýyl ozal Garabag söweşinde Azerbaýjandan ýeňilen ermeni halky parlamentiň täze agzalasyny saýlamak üçin ses berýär.

Saýlawdan öň geçirlen sowalnamalar Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky Jemgyýetçilik partiýasynyň 32 göterim bilen öňde barýandygyny görkezýär.

Sowalnamalar Russiýanyň tarapynda durýan Güýçli Ermenistan partiýasynyň bolsa 11 göterim bilen ikinji orny eýeleýändigini görkezýär.

2018-nji ýylda häkimiýetiň başyna geçen Nikol Paşinýan Günbatarly ýurtlar bilen ýakyndan gatnaşyk edýär.  Ermenistan Paşinýan döwründe Russiýadan çetleşdi.

Bu ýagdaý saýlaw etabynda Moskwanyň garşylyk görkezmegine sebäp boldy.

Nikol Paşinýan döwründe Ermenistanda adam başyna düşýän milli girdeji iki esse artdy.

Anna günü paýtagt Ýerewanda Paşinýan üçin geçirlen saýlaw mitingine gatnaşan 39 ýaşyndaky Karine Darbinýan “Ermenistanyň gün saýyn pajarlap ösmegi meni buýsandyrýar” diýdi.

Ermeni oppozisiýasy bolsa esasan  Ermenistanyň Azerbaýjan bilen 2023-nji ýylda bolan söweşde ýeňilmeginden soň Paşinýan hökümetine garşy berk tutum alyp barýar.

Ýerli wagt bilen 08.00-da Türkiýe wagty bilen sagat 07.00-da başlan saýlaw sagat 20.00-a çenli dowam eder.

3 million ilaty bolan ýurtda bellige alynan 2.48 million saýlawçy bar.