Prezident Rejep Taýýip Erdogan Prezident köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.
Erdogan çykyşynda Ysraýylyň hökümetini tankytlap: "Biz taryhy we wyždany bilen beýik milletiň agzalarydyrys. Asyrlarboýy biz ýykylanlaryň elinden tutduk, kynçylyk çekýänlere kömek etdik. Biz ýurdumyza sygynýanlara gapylarymyzy açdyk" diýip belledi.
Prezident Erdogan: “Esasan çagalardan we zenanlardan ybarat 75 müň bigünä gazalylynyň gany bolan bu jenaýatçy ulgamyň ýurdumyza garşy atýan töhmetlerine çynlakaý çemeleşmeýäris. Biziň taryhymyzda genosid, gyrgynçylyk, zalymlyk ýa-da kolonializm ýok. Biziň müňlerçe ýyl dowam edýän şöhratly taryhymyzda diňe adalat we rehim-şepagat bar. Dinine, gelip çykyşyna ýa-da şahsyýetine garamazdan, ezilenleriň ählisine kömek bereris. Inkwizisiýadan we nasistleriň sütemlerinden gaçýanlara gaçybatalga bermegiň mertebesi bar. Tagtymy bererin, täjimi bererin emma döwletime sygynan adamlary bermerin diýen gahryman ata-babalarymyzyň abraýly çemeleşmesi bardyr. Türkiyä we türk halkyna Gazadaky wagşyçylyklaryny gizlemek üçin töhmet atýanlar, taryhyna seretseň muny has gowy bilerler" diýip nygtady.




















