DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina: Russiýanyň Woronež şäherinde raketa böleklerini öndürýän zawoda hüjüm guradyk
Ukrainanyň goşunynyň Russiýanyň Woronež şäherindäki raketa böleklerini öndürýändigi öňe sürülen zawoda raketa hüjümini amala aşyrandygy habar berildi.
Ukraina: Russiýanyň Woronež şäherinde raketa böleklerini öndürýän zawoda hüjüm guradyk
Ukraina: Russiýanyň Woronež şäherinde raketa böleklerini öndürýän zawoda hüjüm guradyk

Ukrainanyň goşuny tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda Woroneždäki zawoda ýokary takyklykly kruiz raketalary bilen hüjüm guralandygy aýan etdi.

Zawodyň ballistik we kruiz raketalar başda bolmak bilen howa goranyş ulgamlary üçin dürli bölekleri öndürýändigi öňe sürülen beýanatda: "Bu kärhana Russiýanyň harby-senagat toplumynyň möhüm elementidir" diýip beyan edildi.

Beýanatda rus harbylarynyň Ukraina garşy howa hüjümlerinde bu zawodda öndürilen we elektron bölekleri öz içine alýan raketalary ulanandygy öňe sürüldi.

Russiýa: Ukraina tarapyndan guralan raketaly hüjümleriň netijesinde Woronežde üç adam ýaralandy

Russiýanyň Woronež sebitiniň gubernatory Aleksandr Gusew sosial mediadan beren beýanatynda, Ukraina degişli birnäçe "ýokary tizlikli howa nyşanalarynyň" ýok edilendigini belläp: "Üç adam ýaralandy, olaryň biriniň ýagdaýy agyr" diýip habar berdi.

Gusew hüjümiň netijesinde Woroneždäki önümçilik desgasyna we birnäçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigi barada maglumat berdi.

Käbir sosial media kanallary hüjümiň Britaniýada öndürilen "Storm Shadow" kruiz raketalary bilen amala aşyrylandygyny öňe sürdi.