TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjanda saparda boldy
Iki ýurduň arasynda ylalaşyklara gol çekildi we Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjanda saparda boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Azerbaýjana resmi saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşiklerde dürli ugurlar, esasan hem ulag, energiýa, ykdysadyýet we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň dowamynda Aliýew bilen Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Azerbaýjandan Türkmenistana sowgat berlen "Dostluk" nebit tankeriniň onlaýn gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Baku gämi ussahanasynda gurlan tankeriň uzynlygy 141 metr, ini 16,9 metr, suwa düşüş derejesi bolsa 4,54 metrdir. 7875 tonna ýük göterijilik ukyby bilen tanker iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşanlarynyň biri hasaplanýar.

Gepleşiklerden soň, Aliýew we Berdimuhammedow bilelikdäki beýannama gol çekdiler. Mundan başga-da, gümrük, sport, zähmet we sosial üpjünçilik, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy, senagat, energetika, oba hojalygy, ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda degişli edaralaryň arasynda dürli ylalaşyklara we özara düşünişmek baradaky memorandumlara gol çekildi.

Ylalaşyklara gol çekilenden soň, bilelikdäki metbugat ýygnagy geçirildi.

Aliýew ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň diňe iki ýurt üçin däl, eýsem has giň geografiki sebit üçin strategik ähmiýete eýedigini aýtdy.

Aliýew dünýäde ygtybarly we howpsuz ulag geçelgeleriniň sanynyň çäklidigini belläp: "Eger ýurtlarymyzyň arasynda syýasy özara ynam bolmasa, bar bolan geografik mümkinçilikler diňe bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýeterlik bolmazdy. Biz artýan ýük daşamalaryny has-da ösdürmek we üçünji ýurtlardan täze ýük akymlaryny çekmek üçin ulag we logistika ulgamyndaky utgaşyklygy güýçlendirmek barada ylalaşdyk" diýip habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhammedow hem Azerbaýjan tarapyndan sowgat berlen "Dostluk" nebit tankeri üçin minnetdarlyk bildirip, bu sowgady iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hasaplaýandygyny aýtdy.

Berdimuhamedow tankeriň iki ýurduň ösüşine goşant goşjakdygyna ynanýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Berdimuhamedow Azerbaýjan we Türkmenistan halklaryny asyrlaryň dowamyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy taryh, medeniýet, dil we ruhy gymmatlyklar baglanyşdyrýandygyny beýan etdi.