Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitiniň öňüsyrasynda “Nýu Ýork Taýmes” gazetine beýannama berdi.
Ministr Fidan Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitiniň çäginde Prezident Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky ýakyn gatnaşygyň gurama agza ýurtlaryň arasyndaky garaýyş tapawutlylygynyň ortadan aýrylmagynda uly rol oýnap biljekdigini aýtdy.
Erdogan bilen Trampyň arasyndaky gatnaşyklaryň NATO-daky dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolup biljekdigine ünsi çeken Fidan, munyň Tramp üçin ynam we dostluk meselesidigini nygtady.
Türkiýe bilen ÝB-ne agza beýleki ýurtlaryň arasynda guramanyň ähmiýeti barada hiç hili garaýyş tarawutlylygynyň ýokdygyna ünsi çeken Ministr Fidan “Hiç kim NATO-nyň zerurlygy meselesini jedelleşmeýär” diýdi.
Daşary işler ministri Fidan, ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirýändiklerini nygtady.
Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin täze gepleşiklere töwellaçylyk etmäge taýardygyny nygtan Fidan, emma gepleşikleriň ýakyn wagtda geçirilmegine garaşmaýandyklaryny ýatlatdy.
Hakan Fidan, Russiýa bilen Ukrainanyň gepleşiklere taýardygyny emma ABŞ-nyň etaba degişli bolmagyna garaşýandyklaryny belledi.



















