Taýlandyň paýtagty Bangkok şäheriniň Çatuçak etrabyndaky ýangyn söndürijiler ýerli wagt bilen sagat 00:00 töwereginde gijeki klubda ýangynyň bolandygy barada habaryň alnandygyny habar berdiler.
Taýlandyň premýer-ministri Anutin Çarnwirakul wakanyň bolan ýerinde metbugata beren beýanatynda deslapky derňewlere görä, ýangyn sebäpli 27 adamyň ýogalandygyny we başga-da köp sanda adamyň ýaralanyp, hassahana äkidilendigini habar berdi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Anutin ýangynyň sebäbiniň anyklanmagy üçin derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi.


















