Wenesuelanyň Milli Mejlisiniň başlygy Horhe Rodriges X sosial media platformasyndan, ýer titremeler bilen baglanyşykly beýanat berdi.
Rodrigez betbagtçylykda ýogalanlaryň sanynyň 157 adam artyp, 4490 adama ýetendigini, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 16740 adama ýetendigini habar berdi.
Rodrigez ýer titremelerinden soň 120794 maşgala ynsanperwer kömeginiň ýetirilendigini we Karakas we Miranda welaýatlarynda, esasanam iň köp pidalaryň hasaba alnan La-Guaýrada gurlan wagtlaýyn çadyr şäherçeleriniň sanynyň 108-e ýetendigini aýtdy.
Milli metbugatyň habaryna görä, Wenesuelanyň hökümeti ýer titremesinden soň ýaşaýyş jaýlaryna bolan zerurlyklary takyk kesgitlemek üçin biometrik ilat ýazuwynyň başlandygyny aýan etdi.
Deslapky maglumatlara görä, hökümet takmynan 25000 täze jaýyň gurulmagynyň zerurdygyny çaklaýar.
Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi başdan geçirilipdi
ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi merkezi (USGS) 24-nji iýunda Wenesuelada 39 sekunt aralyk bilen 7,2 we 7,5 bal ululyklarynda iki ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), 26-njy iýunda ýer titremeleriň ýetiren gönüden-göni fiziki zyýanynyň möçberiniň 6,7 milliard dollara barabar bolandygyny aýan etdi.
Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän ýurtda ýogalan we ýaralanan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.
Türkiyeden iberilen 30 tonna ynsanperwer kömek düýn Wenesuela baryp ýetdi.


















