Russiýa Ukraina guraýan hüjümlerini dowam etdirýär. Russiýanyň şenbe güni ir ertir Kiýewe guran raketa hüjüminde 6 adamyň ýaralanandygy habar berildi.
Moskwa 2022-nji ýylyň fewral aýynda harby operasiýalaryň başlan gününden bäri her gün diýen ýaly Kiýewe raketa we dron hüjümini guraýar.
Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary soňky döwürde guralýan ballistiki raketa hüjümleriniň öňüni almakda kynçylyk çekýär.
Russiýanyň şu gün irden Kiýewe guran hüjümleri hakynda Telegramdan berlen habarnamada “Paýtagtda ýaralananlaryň sany 6 adama ýetdi” diýildi.
Wakada ýaralanan üç adamyň hassahanada bejergi alýandygy, üç adamyň hem hüjümiň guralan ýerinde bejergi alandygy ýatladyldy.
AFP habarlar gullugy şenbe güni ir ertir iki partlamanyň bolandygyny habar berdi.
Russiýa Ukrainanyň Russiýanyň günortasynda nebiti gaýtadan işläp çykarýan desgalara guran hüjüminden soň şenbe güni Kiýewe hüjüm gurady.
















