Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada hususy telewideniýe kanalyna beýannama beren Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan Ysraýyla bolan duşmançylygyň gün saýyn artýandygyny nygtady.
Resmi Tel-Awiwiň ýiten abragyny dikeltmek maksady bilen täze duşman gözleýändigini ýatladan Fidan, “Ysraýyl ýada başga bir aktýor, milli bähbitlerimizi nyşana alan halatynda hiç hili egilşik etmeris. Ysraýyl diňe biziň däl eýsem tutuş dünýäniň meselesi” diýdi.
Hakan Fidan Ysraýylyň diňe Türkiýäniň däl eýsem tutuş halkara jemgyýetçiliginiň esasy meselesi ýagdaýyna öwrülendigini nygtady.
Fidan diňe bir ýurduň däl eýsem tutuş dünýäniň Ysraýyla garşy berk tutum alyp barmalydygyny, diplomatik gatnaşyklaryny çäklendirmelidigini we sanksiýa goýmalydygyny belledi.
Türkiýäniň şol çäkde Ysraýyl bilen edýän 10 milliard dollarlyk söwda gatnaşyklaryny bes edendigini ýatladan Fidan, bu kararyň Ysraýyla syýasy taýdan güýçli ýüzlenme bermegi maksat edinýändigini beledi.
Daşary işler ministri Fidan Ýewropa ýurtlarynyň hem taryhda ilkinji gezek Ysraýyla ýarag satmakdan ýüz öwürendigini ýada ýarag satuwyny çäklendirendigini ýatlatdy.
Hakan Fidan “Ýewropa ýurtlary Ysraýyla ýarag satmakdan ýüz öwürdi. Ysraýylly radikal syýasatçylara esasan Günbatar Şeriada alyp barýan syýasatlary sebäpli syýahat gadagançylygyny goýdy. Käbir ýolbaşçylaryň tussag edilmegi boýunça kararlar kabul edildi. Halkara Jenaýat kazyýeti Netanýahunuň we egindeşlerinin tussag edilmegi barada karar kabul etdi. Adamzat we halkara jemgyýetçiligi aslynda elinden geleni edýär” diýdi.
Daşary işler ministri Fidan ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda Ysraýyla garşy has berk tutumyň alnyp barylmagy boýunça uly jedelleşigiň dowam edýändigine ünsi çekdi.

















