Prezidentiň Milli Maýa Goýum Agentligi tarapyndan guralan foruma maýadarlar, işewürler, halkara maliýe institutlarynyň wekilleri we bilermenler bilen birlikde 600-den gowrak adam gatnaşdy.
Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň birinji orunbasary Daniýar Amangeldiýew 2025-2026-njy ýyllarda ŞHG-na başlyklyk edýän döwründe işewür gatnaşyklary berkitmek we infrastruktura päsgelçiliklerini aýyrmak üçin birnäçe çäreleri durmuşa geçirendiklerini aýtdy.
Amangeldiýew ŞHG-nyň dünýä ykdysadyýetindäki strategik ornuna ünsi çekip: “ŞHG-nyň agza döwletleri 3,5 milliarddan gowrak ilaty we jemi içerki önümi 33 trillion dollar bolan 10 ýurtdan ybarat bolup, dünýä ykdysadyýetiniň iň uly merkezleriniň birini emele getirýär. Biziň ýurtlarymyz dünýä oba hojalyk önümçiliginiň 38 göterimini emele getirýär. Soňky 4 ýylda Gyrgyzystan bilen ŞHG ýurtlarynyň arasyndaky söwda möçberi iki esseden gowrak artdy. Biz sanly söwda, ýaşyl energiýa, ulag, logistika we durnukly ösüş üçin infrastruktura ýaly ugurlara üns bermegi teklip edýäris” diýip nygtady.
Forumyň çäginde umumy bahasy 150 million dollara barabar bolan 12 maýa goýum we söwda şertnamasyna, şol sanda özara düşünişmek baradaky memorandumlara we niýet hatlaryna gol çekildi.





















