TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Prezident Erdogan Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjanyň 18-nji oktýabr Garaşsyzlygynyň dikeldilmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
Prezident Erdogan Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Erdogan Azerbaýjany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan: “Öz ýurdumyň we halkymyň adyndan dostlukly we doganlyk Azerbaýjany Garaşsyzlygyny ýola goýan güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe, gynançda we şatlykda hemişe bile bolan azerbaýjanly türk doganlaryma we uýalaryma salamlarymy ýollaýaryn" diýip belledi.