SYÝASAT
1 minut okamak
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde duşuşyp biler"
Andrii Sybiha: "Parahatçylyk üçin iň kiçijik mümkinçilikden hem peýdalanarys."
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
(ARHIW) Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen Prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmeginde duşuşyp biler"

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andriý Sibiha, prezident Wladimir Zelenskiniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda ýa-da prezident Rejep Taýyp Erdoganymyň töwellaçylyk etmeginde duşuşmagynyň mümkin bolup biljekdigini aýtdy.

Sibiha Ukrainanyň "RBC-Ukraine" habar gullugyna beren interwýusynda 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek ugrundaky tagallalar barada garaýyş beýan etdi.

Sibiha ABŞ-nyň, Russiýanyň we Ukrainanyň gatnaşmagyndaky üçtaraplaýyn gepleşikleriň zerurdygyny we oňa taýýardyklaryny nygtap: "Biz muny mümkin boldugyça çalt amala aşyrmak isleýäris. Parahatçylygy ýakynlaşdyrmak üçin iň kiçi mümkinçilikden hem peýdalanarys" diýdi.

Urşy bes etmek üçin Zelenskiý bilen Russiýanyň prezidenti Putiniň duşuşmalydygyny aýdan Sibiha, onuň ABŞ-nyň prezidenti Trampyň gatnaşmagynda ýa-da prezident Erdoganymyň töwellaçylyk etmeginde amala aşyrylyp bilinjekdigini belledi.