DÜNÝÄ
1 minut okamak
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Yragyň harby uçarlary ýurduň gündogarynda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýany ýok etdi.
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy
Yrakda terror guramasy DEAŞ-a degişli pozisiýa hatardan çykaryldy

Howpsuzlyk güýçleriniň ýekşenbe güni beren beýannamasyna görä, Yragyň F-16 harby uçarlary ýurduň gündogarynda ýerleşýän Diýala welaýatynda terror guramasy DEAŞ tarapyndan ulanylan pozisiýa iki howa hüjümi guraldy.

Yragyň resmi INA habarlar gullugy, hüjümlerde Narin etrapçasyndaky pozisiýanyň nyşana alynandygyny we hatardan çykarlandygyny habar berdi.

Habarda ady agzalýan pozisiýanyň dolulygyna hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Ady agzalýan hüjümler ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleriniň terror guramasy DEAŞ-a garşy alyp baran we 12 ýyl dowam eden missiýasynyň 30-njy sentýabrda resmi taýdan bes edilmeginden iki hepde soň guraldy.

Yrak terror guramasynyň gözegçiligi astyndaky ýerleriň dolulygyna yzyna alynmagyndan soň 2017-nji ýylyň dekabr aýynda terror guramasy DEAŞ-a garşy ýeňiş gazanandygyny yglan edipdi.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri şol günden bäri yzda galan terrorçylara garşy guraýan operasiýalaryny dowam etdirýär.